Keşdeçileriň bäsleşigi

Welaýat döwlet
drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden
«Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat
tapgyry geçirilip, ol türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy
däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guraldy.
Bäsleşige gatnaşan
gelin-gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, keşde çekmäge taýýarlyk görüşleri
barada gürrüň berdiler. Bellenen wagtyň dowamynda keşde çekip, saýlap alan
nagyşlarynyň waspyny çeper beýan etdiler. Özleriniň dürli nagyşlar bilen
sünnälän milli lybaslaryny geýnip, keşdeleriň taryhyny açyp görkezýän
rowaýatlary gürrüň berdiler, keşdeleri goşgularyň we gazallaryň üsti bilen tarypladylar.
Emin agzalarynyň gelen
netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy
Gurbangül Esenowa, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň
Balkanabat şäher şahamçasynyň baş hünärmeni Gülmira Mämmedowa, Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Näzgül
Annagulyýewa bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we onuň döwlet
tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.