Habarlar
05.12.2023

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky şatlykly waka mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň has-da belende göterilýändigi her birimizi buýsandyrýar. Özüniň çuňňur garaýyşlaryny çeper söz arkaly ussatlyk bilen beýan edip, ynsanlaryň ýüreklerinde baky orun almagy başaran söz ussadynyň eserlerini bu gün tutuş dünýä halklary öwrenýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary göwher gaşy ýaly öz öwüşginini ýitirmeýär. Olar bakylyga öwrülen ruhy baýlykdyr, hazynadyr.

Maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Asyrlar aýlansa-da, öz gymmatyny ýitirmeýän eserleri bilen bütin dünýäde tanalýan Magtymguly atamyzyň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine bagyşlap ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Ýaňlanan aýdym-sazlarda döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, her bir setiri nakyla öwrülen Magtymguly Pyragynyň waspy ýetirildi.

16.11.2023

Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Hasyl toýunyň dabarasy uludan tutuldy. Säher bilen bu ýere ýygnanan ruhubelent adamlaryň şatlygyny, begenjini ýüzlerinden görmek, duýmak bolýardy. Toý-baýramlarymyzyň gelşigi ýaşululardyr eneler, milli lybasly gelin-gyzlar, şadyýan çagalar toý meýdançasynyň görküne görk goşýardy. Toý dabarasynda çykyş edenler babadaýhanlarymyzy Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümiziň her bir güni täze röwüşlere beslenýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda irginsiz zähmet çekýän babadaýhanlarymyza uly sarpa goýulýar» diýip, çykyş edenler guwanç bilen nygtadylar. Döwletimiziň halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, daýhanlarymyza bol hasyl almakda ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bu ýerde öz ideg edýän ekin meýdanlaryndan ýokary hasyl almakda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy daýhanlara hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy aýratyn şatlyga beslendi.

Soňra aýdym-sazyň şirin owazy belentden ýaňlanyp, alyn derini topraga siňdirip, toprakdan zer önderýän babadaýhanlarymyzyň, ak bazarlarymyzyň bolçulygynyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy ýetirildi. Bu ýerde oba hojalyk önümleriniň, el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergisine syn edildi.

06.11.2023

Balkanabat şäherindäki welaýat köpugurly hassahanasynyň durkunyň doly döwrebaplaşdyrylyp hem-de täze binalar bilen üsti ýetirilip, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy aýratyn ýatda galyjy şanly wakalaryň biri boldy Açylyş dabarasyna welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Köpugurly hassahananyň öňündäki meýdança ajaýyp toý keşbine beslenip, joşgunly aýdym-sazlaryň hoş owazy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Dabaranyň barşynda welaýat köpugurly hassahanasynyň gurluşyk işlerini alyp baran «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň aýratyn tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, tanslarynda, teatr artistleriniň çykyşlarynda, bagtyýar çagalaryň aýdyp beren goşgularynda täze taryhy eýýamyň beýik tutumlary, Gahryman Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasaty, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler taryplandy.

Ýaşulularyň ak patasy bilen toý bagy kesilip, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmana bezeg beren dabarada oňa gatnaşyjylar köpugurly hassahanada işlemek we ynsan saglygyny goramak babatda döredilen giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Hassahananyň baş binasy bäş gatdan ybarat bolup, onda kabul ediş, anyklaýyş we maslahat beriş, şöhle bilen anyklaýyş, hirurgiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, trawmatologiýa, newrologiýa hem-de iç keselleri bölümleri bar. Hassahananyň bölümleriniň Germaniýadan, Fransiýadan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Daniýadan hem-de Günorta Koreýadan getirilen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi dabara gatnaşyjylarda çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi.

Durky täzelenen köpugurly hassahanada alnyp baryljak saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokarlanjakdygyna anyk göz ýetiren dabara gatnaşyjylar halkymyzyň baş saglygy barada ägirt uly aladalar edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baky Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasyndaky ajaýyp toý serpaýy üçin alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar.

06.11.2023

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan meýdanda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýat, etrap, şäher häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşululardyr mährem eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, talyp ýaşlardyr ýaş çatynjalar we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da belende göterdi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans toparlarynyň joşgunly  çykyşlary  bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhuny ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň rowaç ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. Dabaranyň geçýän ýerlerinde  ýaşajyk  bag nahallarynyň we gülleriň dürli görnüşlerinden, muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amal-haşam sungatynyň el işlerine degişli önümlerden guralan sergiler aýratyn many-mazmuna eýe boldy.  

          «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bag ekmek çäresinde saýaly we pürli agaçlaryň 2 müň 400 düýbi ekildi. Bu asylly çäräniň dowamynda bag nahallarynyň 15 müň 280 düýbi, şol sanda miweli we üzüm nahallarynyň bolsa 1 müň 600 düýbi ekildi. Öňden ösüp oturan baglaryň 67 müň 700-e golaýyna  ideg işleri edildi.

            Ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşanlar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde amala aşyrýan asylly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza   ýürekden çykýan  alkyş sözlerini aýtdylar.  

01.11.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkezinde hem-de bu etrabyň Belek şäherçesiniň medeniýet merkezinde «Medeniýet we döwür» atly dabaraly maslahatlar geçirildi. Olara bilim, medeniýet ulgamlarynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, şahyrlar, ýaşlar gatnaşdylar.

         Milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy, halk döredijiligini, kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek, maddy ýadygärliklerimizi içgin öwrenmek we sarpalamak medeni mirasy goramaklygyň esasy şertleriniň biridir. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary aýawly saklamak boýunça giň möçberli işleri yzygiderli alyp barýar. Maddy gymmatlyk bilen bir hatarda, ruhy medeniýeti ösdürmek, onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak häzirki döwürde esasy meseleleriň biridir. Medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Kitaphanalaryň işi dünýä ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirilýär, okyjylaryň sany hem barha artýar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Ata Watanymyzda sazlaşykly alnyp barylýan beýik işleriň, hormatly Prezidentimiziň, döwrümiziň, medeniýetimiziň waspy şirin owazly aýdym-sazlarda, goşgularda ýetirildi.