Habarlar
07.07.2022

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasy egsilmez

tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan nahar duzuny senagat taýdan gaýtadan

işlemekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňde goýýan

belent wezipelerine mynasyp goşant goşýan döwrebap senagat kärhanalarynyň biridir.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşyny

üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň dowamly pugtalandyrylmagyna

gönükdirmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän giň gerimli

özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar. Şonuň üçin ykdysadyýetiň geljegi uly

pudaklarynyň biri bolup durýan himiýa senagatynyň baý tebigy serişdelere

daýanýan çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda, pudagyň

maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda guwandyryjy sepgitlere

ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen geçen ýyllarda «Guwlyduz»

kärhanasynda hem döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmekde düýpli öňegidişlikler

gazanyldy. Kärhananyň binýadynda täze önümhananyň işi ýola goýuldy. Munuň özi

kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny nahar duzuny öndürmekde 40 müň tonna,

gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bolsa 2 müň 500 tonna çenli ýetirmäge şert

döretdi. Hususy işewürlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilen bu işler

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň baýry önümçilik kärhanasynda öndürilýän

önümleriň hil derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.

Uly üstünliklere eýe bolýan «Guwlyduz» kärhanasynyň zähmet topary

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem mynasyp zähmet görkezijilerine

besleýär. Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek

üçin gazylyp alnan duzuň umumy möçberiniň 48 müň 296 tonnadan geçip, 102

göterim zähmet üstünliginiň gazanylmagy munuň anyk subutnamalarynyň biridir.

Bu döwürde önümçi-ligiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýan gerdejik görnüşli

tehniki duz öndürmekde iş meýilnamasyna 103,9 göterim hötde gelindi.

Munuň özi önümiň 42 müň 930 tonnasynyň çykarylandygyny görkezýär.

Umumy gaplanan nahar duzy 15 müň 274 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri

bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 156,7 göterime deň boldy. Ýetilýän


sepgitler pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň edýän

aladalaryna kärhananyň hünärmenleriniň hoşallyklarynyň mynasyp beýanydyr.

07.07.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatymyz boýunça tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de ruhy joşguna beslendi. Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada bäsleşigiň ilkinji tapgyrlarda üstünlik gazanan höwesjeň estrada aýdymçylarynyň täsirli çykyşlarynyň her biri tomaşaçylaryň dowamly ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Joşguna beslenen bäsleşikde eminler dalaşgärleriň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna we özboluşlylygyna, sahnada özlerini alyp baryşlaryna aýratyn üns berdiler. Şeýlelikde, olaryň gelen netijeleri boýunça şowhunly el çarpyşmalar astynda ýeňijiler yglan edilip, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki-abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annaýew hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawly döwlet gözegçilik administrasiýasynyň deňiz port kapitany gullugynyň Türkmenbaşy port gözegçilik inspektory Ýakup Öwezow «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» telebäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

29.06.2022

Hormatly Arkadagymyzyň doglan gününiň şanyna welaýatymyzda geçirilen dabaraly çäreler baý many-mazmuny özünde jemledi.

Welaýat hem-de Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gözel sahnasynda «Halk daýanjy, Watan bagty Arkadag!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Meşhur bagşy-sazandalaryň, ussat estrada aýdymçylarynyň, çeper höwesjeňleriň, şeýle-de talyp ýaşlaryň çykyşlary täsirli we şowhunly boldy. Şanly toýuň şanyna guralan baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işleriniň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň waspy belentden ýetirildi. Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Alkyşnama» atly aýdymy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işlerine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere hoşallygyň, alkyşyň özboluşly beýany bolup ýaňlandy.

Soňra baýramçylyk dabarasy «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada dowam etdi. Onda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Dürli döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary, estrada aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalaryň berkarar döwletimizi, bagtyýar durmuşymyzy wasp eden şirin owazly aýdymlary bel;entden-belent ýaňlandy.

25.06.2022

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler biri-birine utgaşýar. Şeýle dabaralaryň biri welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada  geçirildi.

Bedew bady bilen öňe barýan döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde medeniýetiň we sungatyň gülläp ösmegine, milli mirasyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda öz zehini, zähmeti we döredijilik ukyby bilen has tapawutlanýan medeniýet we sungat ussatlaryna hormatly atlary dakmak we döwlet sylaglaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Dabarada çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etmek bilen, medeniýete, sungata sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary, folklor toparlary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary,  şeýle-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler.

24.06.2022

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan Medeniýet hepdeligine bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan geçirilen aýdym-sazly dabara aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýollaryň açylýandygy, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda uly sepgitlere ýetilýändigi hemmeleri guwandyrýar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler bu hakykaty öwran-öwran nygtap, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini, halypalara uly hormat-sarpa goýulýandygyny, milli medeniýetimizi ösdürmekde yhlasyny, zähmetini gaýgyrmadyk ussat halypalaryň sungatyň dürli ugurlarynda döreden özboluşly ýol-ýörelgeleriniň şu günki nesillerimiz üçin gymmatly baýlykdygyny buýsanç bilen bellediler.

Medeniýet we sungat, bilim işgärleriniň,  mährem eneleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda welaýatymyzyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi.  Olarda ajaýyp döwrümiziň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.