Habarlar
27.09.2024

Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Esasy dabara Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, oňa welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen baýramçylyk dabarasyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, ol şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu ýerde edilen  çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanjakdygynyň güwäsine öwrülendigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Soňra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şirin owazly aýdym-sazlaryna, tanslaryna, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa edildi. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurt Garaşsyzlygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň waspy belentden-belent ýaňlandy. 

25.09.2024

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy «Garaşsyzlyk toýun tutýar Watanym» diýlip atlandyryldy. Welaýat merkeziniň Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary,   talyp ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. 

Medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli talyplaryň joşgunly çykyşlary türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleri bilen tapawutlandy. Täsirli çykyşlar çuňňur mazmunyň mynasyp beýanyna öwrüldi. Şol many-mazmun beýik Garaşsyzlygymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan synmaz söýgüde jemlenýär. Şonuň üçinem täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň köptaraply üstünliklerine, dünýä dolan şan-şöhratyna agzybir halkymyzyň buýsanjynyň, guwanjynyň beýikdigini aýdyňlyk bilen görkezen çuň mazmunly çykyşlara baý bolan baýramçylyk çäresi ýurt berkararlygymyzyň şanly senesini şöhratlandyran toý dabaralarynyň hataryny artdyrdy. 

23.09.2024

Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçiren aýdym-sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Gahryman Serdarly berkarar Diýar şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar» diýen at bilen geçirilen dabarada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli ägirt uly tutumlary dogrusynda söhbet edildi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýokary buýsanja beslenen çärede aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Soňra baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  waspy ýetirildi.          

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Ýaşyň uzak bolsun, Arkadagly Serdarymyz!» diýen aýdymy ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirdiler. 

11.09.2024

Welaýatymyzda pagta ýygymynyň badalga almagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat geçirildi. Onda giň gerim berlen çykyşlaryň çuňňur mazmunynda beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu özgertmeler welaýatymyzda hem hil taýdan täze derejelere eýe bolýar. Munuň özi sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli, netijeli zähmetinde aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde edýän şunuň ýaly köpugurly aladalary ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň has-da berkidilmegine, pudagyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine netijeli itergi berýär. Maslahatda eziz Diýarymyzyň agrosenagat toplumynyň binýadyny pugtalandyrmakda edilýän giň gerimli aladalar hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny ýygnap almaga beren ak patasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle-de maslahatda ýetişdirilen «ak altynyň» ýekeje übtüginem yrýa etmän ýygnamakda öňde durýan wajyp wezipeler dogrusynda hem jikme-jik durlup geçildi.

Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda dowam eden dabara baýramçylyk ruhuna beslenip, ak öýleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary bu ýere aýratyn bezeg berdi. Taryhy gymmatlyklaryň, oba hojalyk önümleriniň sergileri, on barmaklaryndan dür dökülýän zenanlarymyzyň el işleri, gadymdan gelýän ümeçilik dessurlarymyzdan görkezen parçalary, aýdyp beren gazaldyr läleleri hemmelerde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Hatara atarylan toý gazanlarynda taýýarlanan milli tagamlar giňden ýazylan baýramçylyk saçaklarynyň berekedini artdyrdy.

Şunuň ýaly milli toý dessurlaryna beslenen dabarada ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barada buýsançly söhbetler edildi. Munuň üçin ýene bir ýola Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Soňra hormatly ýaşulular «Bismilla!» bilen pagta ýygymyna başlap berdiler. Pagta ýygymynyň başlanmagyna berlen ak patadan ruhlanan ýygymçy gyzlar ýygym işlerine köpçülikleýin girişip, «ak altynly» pelleri joşgunly zähmete beslediler.

Pagta ýygymyna bagyşlanan dabarada joşgunly aýdym-sazlar hem belentden ýaňlandy. Daýhan durmuşyny beýan edýän täsirli sahnalar, täze taryhy eýýamyň üstünliklerini, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşymyzy, ýer eýeleriniň zähmet sepgitlerini, ynsanperwer döwlet syýasatymyzy, bereketli topragymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-mukamlar, milli tanslar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Giňden ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara gatnaşyjylaryň medeni gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny goşalandyryp, agrosenagat pudagynyň gazanýan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanjak ýylynyň pagta hasylynyň ilkinji tonnalaryndan ýüklenen «ak altyn» kerwenini garşylamak dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Gyzylarbat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda bezemen awtoulag kerweni şowhunly el çarpyşmalardyr şirin aýdym-sazlar bilen garşylandy. Dabarada söz nobatyny alanlar hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynda üstünlikli amala aşyrýan düýpli özgertmeleri barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle maksatnamalaýyn tutumlar janypkeş daýhanlarymyzy täze ýerleri özleşdirmäge, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak arkaly ene toprakdan alynýan önümleriň möçberini artdyrmaga höweslendirýär. Munuň özi azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, her bir maşgalanyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Dabarada şeýle üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, taryhy tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi. Şeýle-de göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýan daýhanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

04.09.2024

Welaýatymyzda bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan maslahata häkimligiň jogapkär işgärleri, şäherleriň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarydyr kärendeçiler, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahaty welaýatyň häkimi H. Aşyrmyradow açdy we gallaçylarymyzyň bugdaý ekişine taýýarlykly gelendiklerini belläp geçdi. Welaýatyň häkimi hormatly Prezidentimiziň geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmäge ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bu möhüm çärä guramaçylykly girişilip, onuň ýokary hilli, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, bellenilen möhletlerde geçiriljekdigini aýtdy.

Maslahatda çykyş eden babadaýhanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakyndaky, halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşy baradaky nusgalyk aladalaryna jogap edip, önde duran jogapkärli möwsümde tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar hem-de Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işlerinde baky rowaçlyklar arzuw etdiler.

        Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.

        Dabaranyň geçýän ýeri baýramçylyk keşbine beslenipdir. Toýlarymyzyň bezegi bolan ak öýleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň owadan hatarlary, oba durmuşyny suratlandyrýan görnüşler, sergiler, şirin aýdym-sazlaryň hoş owazy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi.

          Bu  ýerde  hormatly  Prezidentimiziň  sargydyna eýerilip, asylly däbe görä, sylag-sarpaly ýaşulularyň «Bismilla» diýen senaly sözi bilen bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi.   

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişine welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer babadaýhanlary ykjam taýýarlykly geldiler. Möwsümiň dowamynda kuwwatly traktorlaryň 125-si we ekiji enjamlaryň 117-si bökdençsiz işlediler. Ýeri gelende aýtsak, welaýatymyzyň ýer eýeleri 50 müň gektar meýdana bugdaýyň «Alekseýiç» hem-de «Bezostaýa 100» ýaly görnüşlerini ekip, ondan 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Ekin meýdanynda geçirilen maslahatda bugdaý ekişine gatnaşjak tehnikalaryň mümkinçilikleri, olardan peýdalanmagyň ugurlary barada ýene bir ýola düşündiriş işleri geçirildi. Bugdaý ekilen meýdanlardan endigan gögeriş almakda, ekin meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna berk eýermek arkaly ideg işlerini ýola goýmakda anyk gürrüň edildi. 

           Bugdaý ekişine  başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guran dabarasy oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.  Bu ýerdäki ajaýyp sahnada welaýatyň tanymal bagşy-sazandalarynyň şirin aýdym-sazlary, welaýat döwlet drama teatrynyň sahna  ussatlarynyň çykyşlary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyryp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň röwşen geljegimize gönükdirilen beýik tutumlaryna, eziz Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, halkara abraý-mertebesini täze belentliklere göterýän beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize, abadan, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy.

             Bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisinde ekerançylyga degişli milli däp-dessurlar, azyk önümleriniň taýýarlanylyşy öz beýanyny tapypdyr. Oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi hem hemmelerde gyzyklanma döretdi. Agaç ussalarynyň, küýzegärleriň nepis işleri, zergärçilik, halyçylyk boýunça ýerleşdirilen işlerem örän täsirli, ýatda galyjy boldy.

         Ýurdumyzyň oba hojalygyny depginli ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalardan ruhlanyp, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmekleri welaýatymyzyň  kärendeçi daýhanlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirjekdiklerine bolan ynamy berkidýär. Olar özlerine döredilip berilýän  ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza  egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar.