Habarlar
30.10.2023

Welaýat döwlet drama teatrynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy  mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirildi. Welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de çagalar sungat mekdepleri tarapyndan geçirilen festiwalda görnükli kompozitoryň simfoniki döredijiliginden «Tüýdük», wokal döredijiliginden «Soňudagy», «Geler», «Uçuň, durnalar», «Türkmen sährasy», «Aýgytly ädim» kinofilminden «Hüwdi», «Kerwen», «Şükür bagşy» kinofilminden «Şüküriň at çapyşy», «Mukamyň syry» kinofilminden «Gyzlaryň tansly hory» we fortepiano döredijiliginden «Dutaryň owazy» diýen aýdym-sazlary, şeýle-de «Pursatlar» toplumyndan birnäçe sazlary ýaňlandy.

Esasanam, welaýat ýörite sungat mekdebiniň orkestr toparynyň kompozitoryň «Türkmenistan» simfoniki suratlarynyň «Tüýdük» diýlip atlandyrylan ikinji bölümini ýerine ýetirmegi aýratyn ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Ondaky tüýdügiň mylaýym owazyny diňläninde, çopanlaryň durmuşy, ullakan süri, owlak-guzularyň bökjekläp oýun edişleri, ürgün çägeli depeler bilen bezelen sähra, hatda şol depeleriň üstünden köwsarlap öwsüp duran şemalam diňleýjiniň hyýalynda janlanýar.

Festiwalda çagalar, talyplar, mugallymlar yzly-yzyna çykyş edip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar, bu ýurdymyzda halypa-şägirtlik ýolunyň hem mynasyp dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi. Olar halypalary ýatlap, şeýle festiwallary geçirmäge döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

25.10.2023

Balkanabat şäherinde nebitçileriň maşgalalary üçin iki sany ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Olaryň açylyş dabarasyna welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, talyplar hem-de welaýat merkeziniň köp sanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünliklere beslenýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Halkynyň bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda binalaryň gurluşyklarynda tapawutlanan gurluşykçylara Gahryman Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar raýatlara öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy hem dabaranyň ýakymly pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat ussatlarynyň dabara bezeg beren joşgunly çykyşlarynda täze taryhy eýýamyň özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň beýik tutumlary taryplandy.

         Soňra ýaşulular şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Hersi iki gatdan ybarat bolup, her biri 16 hojalyga niýetlenen binalaryň iki, üç we dört otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi hemmelerde çuňňur kanagatlanma döretdi.

         «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky täzelenen binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem şanly wakalaryň biri boldy. Iki gatdan ybarat binanyň öňündäki meýdança baýramçylyk keşbine beslenip, bu ýerde hem buýsançly gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Pudagy ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar üçin Gahryman Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Medeniýet we sungat wekilleriniň täsirli, çuň mazmunly çykyşlary dilleriň senasyna öwrülen alkyşly sözleriň üstüni ýetirdi. Milli tanslar bilen utgaşan aýdym-sazlarda abadan durmuşymyz, nurana geljegimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy eýýama bezeg berýän beýik işleri wasp edildi. Dabarada binanyň durkuny täzelemek hem-de onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak işlerini alyp baran «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

         Ýaşulularyň ak patasy bilen ulanyşa tabşyrylan binada döredijilikli hem-de netijeli işlemek üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Institutyň iş otaglary we barlamhanalary häzirki zamanyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýän mebellerdir enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Munuň özi gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny düzmek, uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny hasaplamak, gözleg-barlag buraw işleriniň meýilnamasy üçin ylmy teklipleri bermek ýaly institut tarapyndan alnyp barylýan işleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer.

20.10.2023

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alnyp, kärhanalarda zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda tapawutlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän tikinçilik sungatyna bolan yhlasyny, söýgüsini açyp görkezmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza, il-günümize, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgi-buýsanjy wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik dört şertden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, işlemäge, hünär öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredilýän şertler hem-de tikýän milli lybaslarynyň aýratynlyklary hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Bellenen wagtyň dowamynda gyzjagaza köýnek biçdiler we tikdiler. Lybasa salynýan nagyşlary, olara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklaryny, aňladýan manylaryny, milli eşikleriň matalarynyň saýlanyşyny, biçilişini we tikilişini çeper sözde beýan etdiler. Şeýle-de durmuşa çykjak gyzyň bukjasyny taýynladylar we ony hem alajalar bilen bezediler, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen bukjanyňdyr alajalaryň waspyny ýetirdiler. Öz tikip keşdelän milli lybaslaryny geýnip, döwrebap milli türkmen lybaslarynyň görkezilişini guradylar. Milli gymmatlyklarymyzy goşgudyr gazallarda, rowaýatlarda wasp etmekde birek-birekden kem durmadylar.

Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly etrabynyň medeniýet merkeziniň baletmeýsteri Annagül Myradowa, şol merkeziň tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanbike Garaýewa, Gyzylarbat etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Züleýha Körpäýewa dagy birinji orna mynasyp bolmagy başardylar we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

16.10.2023

«Garaşsyzlyk ganatym — galkynan medeniýetim» diýen at bilen welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinden gelen folklor toparlary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ösdürmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, türkmen halkynyň baý döredijiligini, milli folklor mirasynyň hazynasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik iki şertden ybarat boldy. Folklor toparlary şahyrana halk döredijilik eserlerini ýerine ýetirmekde, folklor çykyşlarynyň üsti bilen milli toý däp-dessurlaryny sahnalaşdyrmakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşikde Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň «Şapak» folklor topary baş baýraga mynasyp boldy. Gyzylarbat etrabynyň medeniýet bölüminiň «Köpetdag» folklor topary birinji, Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň «Sumbar» folklor topary ikinji, Etrek etrabynyň medeniýet bölüminiň «Etrek nagmalary» folklor topary üçünji orunlary eýelediler.

10.10.2023

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi we onda kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, unudylmajak wakalary peşgeş berdi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat bu taryhy mejlise bagyşlandy. Oňa  jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlar, hormatly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetiniň uludygyny aýratyn nygtap geçdiler. Ýokary buýsanja beslenen çykyşlarda bellenişi ýaly, halk bilen geňeşmek we maslahat salmak baradaky asylly däplerimize, milli demokratik ýörelgelerimize esaslanyp geçirilen taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden maksatnamalaýyn çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli taraplaýyn ösdürmekde, badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda öňde durýan wezipeler öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk döwlet taglymatynyň Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň gazananlaryny berkitmekde, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda, döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmekde, halk häkimiýetliligini pugtalandyrmakda, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi ösdürmekde esas bolup durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy we   Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy halkymyzda ýokary ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesine esaslanyp durmuşa geçirýän beýik işlerine, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryna berlen ýokary bahadyr.  Maslahatda şular barada durlup geçilmek bilen,  halkymyzyň röwşen geljegi, abadan we bagtyýar durmuşy  ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, adam hakyndaky alada ýugrulan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Dabaraly maslahatda welaýatymyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet beren aýdym-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan nusgalyk işleriniň, ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, il agzybirliginiň waspy ýetirildi.