Ylymlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabara
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň
öňündäki meýdançada Ylymlar güni mynasybetli guralan aýdym-sazly dabaraly çärä alymlar,
nebitgaz toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet
we sungat ussatlary öz aýdym-sazlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, ösüşlere beslenýän
döwrümiziň waspyny ýetirdiler. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň kompozisiýa
eseri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Baýramçylyk mynasybetli «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýygnaklar
jaýynda geçirilen «Ylym-bilim kämilligiň ýoludyr» atly ylmy-amaly maslahat täsirli
boldy. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde badalga berlen
özgertmeleriň giňden rowaçlanýandygyny, kämil hünärmenleriň kemala gelýändigini
buýsanç bilen bellediler.
Maslahata
gatnaşyjylar Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde guralan sergä syn
etdiler.